Nobel komiteti 2026-njy ýyl üçin Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýelerini yglan etdi. Bu abraýly baýraga «makroykdysady durnuklaşdyrmanyň mikroykdysady esaslary» baradaky işleri üçin amerikaly alymlar Robert Ernest Holl we Maýkl Wudford mynasyp boldy.

Alymlar ykdysadyýetdäki ýagdaýlary seljermekde diňe bir umumy statistik görkezijilere — inflýasiýanyň derejesine, önümçiligiň ýa-da sarp edilişiň umumy möçberine daýanmagyň ýeterlik däldigini subut etdi. Olar mikroderejäni, ýagny aýry-aýry öý hojalyklarynyň we hususy kärhanalaryň kabul edýän çözgütleriniň hem-de ähli hereketleriniň umumy makroykdysady ýagdaýy nähili emele getirýändigini we bütin ulgamyň durnuklylygyna nähili täsir edýändigini öwrenmegiň wajypdygyny görkezdi.
Geçen ýyl bu baýrak «ykdysady ösüş bilen tehnologik ösüşiň arasyndaky özara baglanyşygy öwrenendikleri üçin» Joel Mokire, Filipp Agýona we Piter Hauite berlipdi.
Ykdysadyýet boýunça baýragyň berilmegi, adatça bolşy ýaly, Nobel hepdeligini jemleýär. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda — Alfred Nobeliň aradan çykan gününde geçiriler.
2026-njy ýylda baýragyň eýelerine berilýän bu ýylky puluň möçberi 12 million şwed kronasyna (takmynan, 1,2 million dollar) barabar.