Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurduň Merkezi Aziýa döwletleri bilen haryt dolanyşygynyň 50 göterimden gowrak artandygyny aýtdy. Ol bu barada «Awazada» geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda belledi diýip, THP ýazýar.
Prezidentiň aýtmagyna görä, Azerbaýjanyň bu formata doly hukukly agza hökmünde kabul edilmegi ýurduň sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagynda möhüm tapgyr boldy. Ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp, Gazagystan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen bilelikdäki maýa goýum gaznalarynyň möçberiniň ýüzlerçe million amerikan dollaryna ýetendigini mälim etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Hazarüsti Orta geçelgäniň we «Sanly Ýüpek ýoly» taslamasynyň ulag-logistika mümkinçiligini ösdürmegi hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezýärler.
Şeýle hem energiýa serişdeleriniň iberilişini giňeltmäge, şol sanda «ýaşyl» energetika boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär.
Aliýew Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda ýokary depgin bilen ösýändigini hem belledi. Onuň aýtmagyna görä, diňe geçen ýyldan bäri ýokary derejede bäş saparyň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň işjeňligini we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan özara islegi görkezýär.
Aliýew Fizuli şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen metjidiň gurulýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Ol geçen ýyl Milli Lider bilen bilelikde metjidiň düýbüniň tutulmagyna gatnaşandygyny ýatlap, bu sowgady iki halkyň dostlugynyň we ruhy ýakynlygynyň ýene bir subutnamasy diýip atlandyrdy.