GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisi geçirildi we parlamentariler sylaglandy

Şu gün, 23:0776
1 / 8

20-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» toplumynyň uly mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäginde we Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilýän çäreleriň taryhy ähmiýetini belläp, 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen Geňeşiň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisine Parlamentara Assambleýasynyň synçy derejesiniň berlendigini, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda» atly Kararnamanyň kabul edilendigini nygtady.

Parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary döredilen mümkinçilikler we myhmansöýerlik üçin ýurt ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi hem-de türkmen kärdeşlerini synçy derejesiniň berilmegi bilen gutlady.

Parlamentariler öz çykyşlarynda Arkalaşygyň çäginde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, esasan-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öz ýurtlarynda ýerine ýetirilýän işler, toplanan tejribeler barada gürrüň berdi.

Gün tertibiniň çäginde howpsuzlygy üpjün etmek, emeli aň we robototehnikalary hukuk taýdan düzgünleşdirmek, ýol hereketi, durmuş syýasaty, saglygy goraýyş, migrasiýa, ýaşlary hünär taýdan ugrukdyrmak we kanunçylyk adalgalary boýunça nusgalyk kanunlaryň hem-de teklipleriň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň synçy derejesinde ilkinji gezek gatnaşýandygy bellenilip, munuň parlamentara dialogy we kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmagy kämilleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Şeýle-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany kabul etmeginiň halkara hukuk binýatlaryny berkitmekde parlamentleriň ornuny artdyrýandygy nygtaldy.

Mejlisde 2026-njy ýylda türkmen parlamentarileriniň alyp baran işleri, dostluk toparlarynyň we halkara maslahatlaryň netijeleri bellenildi.

Plenar mejlisiň esasy işi tamamlanandan soň, käbir parlamentarilere Parlamentara Assambleýasynyň «Arkalaşyk» ordeni, «Parlament hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy üçin» medallary we Geňeşiň Hormat hatlary gowşuryldy.

Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň we komitet ýolbaşçylarynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda sebitleýin parlamentara dialogy pugtalandyrmak, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn çemeleşmeleri ilerletmek we özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.