Türkmenistan we Ermenistan söwda-ykdysady gepleşikleriň täze tapgyryna taýýarlanýar

Şu gün, 21:37195

Türkmenistanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisi geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Hökümet mejlisiniň dowamynda mejlisi geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen geçiriljek toparyň nobatdaky mejlisinde ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Wise-premýer mejlisi geçirmek baradaky degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisine düýpli taýýarlyk görmegi we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.