Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt dolanyşygyny $20 milliarda ýetirmegi teklip etdi

Şu gün, 14:18674

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny häzirki 13 milliard amerikan dollarlyk möçberden 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi teklip etdi. Ol şeýle teklibi Awazada geçirilýän Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygynda öňe sürdi diýip, THP habar berýär.

Tokaýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda sebitdäki söwda ýurtlaryň umumy haryt dolanyşygynyň takmynan 8 göterimini tutýar. Ol bu görkezijini ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Gazagystanyň döwlet Baştutany söwdanyň ösüşiniň esasy gurallarynyň biri hökmünde logistikany görkezdi. Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, meýilleşdirilen ähli infrastruktura taslamalary amala aşyrylan ýagdaýynda, 2040-njy ýyla çenli Hazar deňzi arkaly ýükleriň daşalyşy dört esse artyp biler. Tokaýew Hazarüsti halkara ulag ugruny we täze ugurlary, şol sanda Aral-Hazar awtoulag magistralyny ösdürmegi teklip etdi.

Prezident suw we howa meselelerine hem aýratyn üns çekdi. Ol suwdan peýdalanmak boýunça Merkezi Aziýanyň çarçuwaly konwensiýasyny kabul etmegi we BMG-niň howandarlygynda Halkara suw guramasynyň döredilmegini goldamaga çagyrdy.

Sanly ulgam babatda Tokaýewiň pikiriçe, emeli aň boýunça Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we neýroulgamlary jogapkärçilikli peýdalanmak barada jarnamany taýýarlamak gerek.

Şeýle hem ol 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa — haýyrly işleriň umumy mekany» diýen şygar astynda meýletinçi ýaşlaryň forumyny geçirmek baradaky pikiri orta atdy. Sözüniň soňunda Tokaýew ozal öňe sürlen başlangyçlaryň hem iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.