Türkmenistan bilen Russiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Şu gün, 11:30503
1 / 5

23-nji noýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine garadylar we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Mejlisiň gün tertibine ulag-aragatnaşyk pudagyndaky we sanly tehnologiýalar babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem girizildi.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport hem-de daşky gurşawy goramak ulgamlaryndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň wekilleri maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklap, hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipleri beýan etdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.