Serdar Berdimuhamedow «Türkmentel — 2026» we «ITTC – 2026» forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün, 09:48352

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» (ITTC – 2026) atly halkara maslahata we sergä, şeýle hem «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary çäreleriň öz işine başlamagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany gutlagynda bu halkara forumlaryň Türkmenistanda sanly özgertmeleriň depginini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedigini belledi:

«Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, sanly çözgütleriň, ulag-logistika ulgamlarynyň özara sazlaşykly kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr».

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we sebit hem-de dünýä derejesinde ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny has-da berkidýär.

Şunuň bilen baglylykda, halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, maglumatlary ýokary tizlikde we ygtybarly geçirmek, üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberini artdyrmak hem-de täze halkara ugurlary döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Ulag pudagynyň sanlylaşdyrylmagyna gutlagda aýratyn üns berilýär:

«"Akylly" ulag dolandyryş ulgamlary, sanly logistika platformalary, elektron ýük resminamalary, ýükleriň hereketini hakyky wagt tertibinde yzarlamak, awtomatlaşdyrylan terminal çözgütleri gatnawlaryň tizligini, howpsuzlygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrýar».

Döwlet Baştutany häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň olaryň üpjünçilik ulgamlarynyň özara utgaşdyrylmagyna, serhet we gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagyna, şeýle hem demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglarynyň mümkinçilikleriniň netijeli birleşdirilmegine baglydygyny belledi. Multimodal gatnawlary ösdürmek, ýük dolanyşygyny kämilleşdirmek we üstaşyr geçiş wagtyny azaltmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem ulag akymlaryny emeli aňyň we uly maglumatlaryň esasynda dolandyrmak, gatnaw ugurlaryny amatly meýilleşdirmek, energiýa serişdelerini tygşytlamak hem-de daşky gurşawa düşýän täsiri azaltmak pudagyň geljekki ösüşiniň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

«Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, üstaşyr aragatnaşyk akymlaryny ösdürmek, telekommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutany halkara forumlaryň ulag-aragatnaşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri we öňdebaryjy tejribeleri tanyşdyrmak, täze tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşmak, ylmy-amaly we işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Gutlagyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara berk jan saglygy, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.