Raşid Meredow Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşdy

Şu gün, 22:11446

24-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar türkmen-rus gün tertibiniň wajyp meselelerine garady, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy we mundan beýläkki bilelikdäki işiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Yzygiderli syýasy-diplomatik dialogy saklamaga, şeýle hem iň ýokary we ýokary derejedäki özara saparlary guramaga aýratyn üns berildi.