2026/27-nji ýyllaryň oba hojalyk möwsüminde Russiýanyň günebakar ýagynyň eksporty 3,9 million tonna bolar diýlip çaklanylýar. Bu geçen möwsümdäkiden 15,2% pesdir. Şeýle çaklama Bahalaryň indeksleri merkeziniň (ЦЦИ) hünärmenleriniň umumy seljermesinde öňe sürülýär.
Eger çaklama dogry çyksa, Russiýanyň günebakar ýagynyň eksporty 2022/23-nji ýyllaryň möwsümden bäri iň pes derejä düşer.
Şunlukda, awgust aýynyň çaklamalary bilen deňeşdirilende, seljerijiler bu görkezijini 26,4% peseltdiler.
Munuň esasy sebäpleriniň biri Russiýanyň günortasyndaky deňiz portlarynyň işiniň çäklendirilmegidir. 2026-njy ýylyň iýul aýynyň ortalaryndan başlap, portlara ýetirilen zeper sebäpli, bu ugur boýunça ýük daşamak işleri tas bütinleý diýen ýaly togtady. Günebakar ýagynyň eksporty Azow-Gara deňiz basseýnine, dänäniň eksportyna garanyňda, az derejede bagly bolsa-da, geçen ýyl bu ugur arkaly 2 million tonna önüm daşary ýurtlara iberilipdi. Bu deňiz arkaly amala aşyrylan eksportyň umumy möçberiniň 51,3 göterimine deňdir.
Häzirki wagtda önümler Hazar we Baltika deňizleriniň portlarynyň üsti bilen daşalýar. Emma ýük daşamak ugurlaryny üýtgetmek işleri entek doly tamamlanmady.
Ýag we ýag önümlerini öndürijileriň birleşmesiniň ýerine ýetiriji direktory Mihail Malsew esasy kynçylyklaryň hatarynda ýagy guýma görnüşinde daşamak üçin niýetlenen demir ýol sisternalarynyň ýetmezçiligini hem-de günebakar çigidini gaýtadan işlemekden alynýan goşmaça önüm bolan künjarany (şroty) eksport etmekdäki päsgelçilikleri görkezýär. Künjara günebakar çigidini gaýtadan işleýän kärhanalaryň umumy girdejisiniň 16–17%-ini üpjün edýär. Hünärmenleriň pikiriçe, bu önümi eksport etmekde ýüze çykýan kynçylyklar gaýtadan işleýän kärhanalaryň işine hem ýaramaz täsir edip biler.
Eksport Russiýanyň günebakar ýagyny öndürijileri üçin esasy satuw ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ýurtda öndürilýän günebakar ýagynyň 60–70%-i daşary ýurtlara iberilýär.
Russiýanyň oba hojalyk önümleriniň eksportynda ýüze çykan kynçylyklar beýleki ugurlara-da täsirini ýetirdi. ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň noýabr aýyndaky bahalandyrmasyna görä, şu möwsümde Russiýanyň bugdaý eksporty çaklanylyşy ýaly 46 million däl-de, 39 million tonna bolup biler. Bahalaryň indeksleri merkeziniň hünärmenleriniň umumy çaklamasy bolsa ondan-da has pes bolup, ol 35,8 million tonna deňdir. Eger-de bu çaklamalar dogry bolup çyksa, onda Russiýanyň bugdaý eksporty hem soňky birnäçe möwsümdäki iň pes derejesine düşüp biler.