GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanda geçirilen sammitde nobatdaky ilat ýazuwyny 2030-njy ýyla iň ýakyn möhletlerde geçirmek barada ylalaşdy. Ýurtlaryň Hökümetlerine BMG tarapyndan 2025-nji ýylda kabul edilen Ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň Bütindünýä maksatnamasyny goldamak tabşyryldy diýip, THP habar berýär.
Netijeleriň deňeşdirilmegini üpjün etmek üçin GDA-nyň Statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşi 2027-nji ýylda durmuş-ykdysady we migrasiýa görkezijileriniň bir umumy sanawyny tassyklar. GDA-nyň Statistika komiteti milli edaralar bilen bilelikde işçi güýjüni we migrasiýa akymlaryny hasaba almagyň usuly maslahatlaryny hem-de umumy standartlaryny taýýarlar.
Çözgüt 2024-nji ýylda tamamlanan ilat ýazuwynyň öňki tapgyrynyň tejribesini göz öňünde tutýar. Milli ilat ýazuwlary GDA-nyň 10 döwletinden 9-ysynda geçirilip, 215 million adamy — Arkalaşygyň ilatynyň, takmynan, 85 göterimini öz içine aldy.
Täze tapgyr ýurtlary bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek üçin zerur bolan deňeşdirilýän statistika maglumatlary bilen üpjün etmelidir.