Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda sebit ýurtlarynyň ykdysady, ulag, energetika we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy diýip, THP habar berýär.
Syýasatçy ulag geçelgelerini ösdürmäge, sanlylaşdyrmaga we emeli aňy ornaşdyrmaga aýratyn üns berdi.
«Şu gün biziň ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemäge we sebit hyzmatdaşlygymyzyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçiligimiz bar» – diýmek bilen, Emomali Rahmon senagat kooperasiýasyny, «ýaşyl» energetikany giňeltmegiň we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Täjigistanyň Baştutany Hytaýy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen, Azerbaýjany bolsa Ýewropa döwletleri bilen baglanyşdyrýan ulag ugurlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
«Şunuň bilen baglylykda ulag meselelerini çözmekde we gatnawlary ýönekeýleşdirmekde administratiw, infrastruktura we guramaçylyk päsgelçiliklerini aradan aýyrmak boýunça netijeli işlemek zerur» – diýip, ol nygtady.
Emomali Rahmon sanly özgertmeler we Duşenbede döredilýän Sebit emeli aň merkezi barada aýratyn durup geçdi.
«Biz bu merkeziň işiniň sebit ýurtlarynyň innowasion mümkinçiligini birleşdirmäge we ykdysadyýetiň hem jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryna emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarys» – diýip, Täjigistanyň Prezidenti aýtdy.
Şeýle hem ol «ýaşyl» geçişiň sebit strategiýasyny işläp düzmegi, ileri tutulýan energetika taslamalaryny we olary bilelikde maliýeleşdirmegiň gurallaryny kesgitlemegi öňe sürdi. Hususan-da, Prezident tutuş sebitiň zerurlyklaryny nazara alyp, nebiti gaýtadan işleýän uly zawody gurmak mümkinçiligini öwrenmegiň zerurdygyny belledi.
Emomali Rahmon howanyň üýtgemegine, buzluklaryň eremegine, suw ýetmezçiligine we çägeli tupanlara garşy göreşmekde hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.