Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň bir umumy onlaýn söwda platformasyny döretmegi teklip etdi. Ol bu başlangyç bilen şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji konsultatiw duşuşygynda çykyş etdi diýip, THP habar berýär.
Sadyr Žaparowyň pikiriçe, umumy onlaýn platforma telekeçilere önümleri ýerleşdirýän bazarlaryny giňeltmäge, alyjylara bolsa sebit ýurtlarynyň harytlaryna giň elýeterliligi almaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde logistika infrastrukturasyny — eltip bermegi, ammarlarda ýerleşdirmegi, gümrükden geçirmegi we ýükleri yzarlamagy ösdürmek zerurdyr.
Gyrgyzystan bu taslama Ýokary tehnologiýalar parkynyň hünärmenlerini çekmäge taýýar. Prezident ýene bir ugur hökmünde senagat kooperasiýasyny görkezdi we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde, ýeňil senagatda, gurluşyk materiallaryny öndürmekde we logistikada bilelikdäki taslamalary kesgitlemegi teklip etdi.
Žaparow ulag ugurlaryna we «Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan» demir ýolunyň gurluşygyna aýratyn üns berdi.
«Biziň esasy ugur görkezijimiz ölçäp bolýan netijeler: eltip bermegiň bahasyny arzanlatmak we ýol wagtyny azaltmak bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, her bir ýurt sebit ulag taslamalaryna doly derejede gatnaşmak we olardan ykdysady peýda almak mümkinçiligine eýe bolmaly» – diýip, Sadyr Žaparow nygtady.
Gyrgyzystanyň Prezidenti şeýle hem taryhy, dag, Hazarýaka we medeni ugurlary birleşdirip, «Bir syýahat — birnäçe ýurt» ýörelgesi boýunça umumy syýahatçylyk giňişligini döretmegi teklip etdi.
Mundan başga-da, Sadyr Žaparow buzluklary we dag ekoulgamlaryny gorap saklamagyň, tebigy serhetlerden netijeli peýdalanmagyň hem-de innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.