Beýik Britaniýanyň döwlet bergisi taryhda ilkinji gezek 3 trillion funt sterlingden (takmynan, 4 trillion dollar) geçdi. Bu barada Reuters habar berýär.
Sentýabr aýynda Britaniýanyň hökümetiniň daşary ýurtlardan alan bergisiniň möçberi 24,52 milliard funt sterlinge ýetip, garaşylýan görkezijiden ýokary boldy. Şol döwürde býujet ýetmezçiligi hem 97,8 milliard funt sterlinge çenli ýokarlandy. Bu çak edilenden 6 milliard funt köp bolsa-da, 2025-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 4,4 milliard azdyr.
2025-nji ýylda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Beýik Britaniýanyň maliýe kynçylyklary barada ençeme gezek habar berdiler. Kembrij uniwersitetiniň professory Ýajit Çadha ykdysady meseleleriň ýitileşmegi dowam etse, ýurda Halkara pul gaznasyndan (IMF) gyssagly karz almak zerurlygynyň ýüze çykyp biljekdigini duýdurypdy.