Hytaýda ýokary wezipeli işgärleriň we olaryň hossarlarynyň girdejisine gözegçilik güýçlendiriler

Düýn, 20:404,051

Hytaýda ýokary wezipeli döwlet we partiýa işgärleriniň maşgala emlägine, çykdajylaryna, şeýle hem olaryň garyndaşlarynyň telekeçilik işine gözegçilik güýçlendiriler. Degişli düzgünler Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň (HKP MK) resmi kararynda beýan edilýär. Bu barada «Xinhua» habarlar agentligi ýazýar.

Resminamada ýolbaşçy işgärleriň şahsy maglumatlary tabşyrmak ulgamyny kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenilýär. Şeýle hem olaryň maşgala emlägi we çykdajylary adaty girdejilerden görnetin ýokary bolan ýagdaýlary barlamak göz öňünde tutulýar.

«Ýokary wezipeli işgärleriň ýanýoldaşlarynyň, çagalarynyň, giýewleriniň hem-de gelinleriniň telekeçilik işine yzygiderli gözegçiligi güýçlendirmeli» diýlip, resminamada görkezme berilýär.

Partiýa işgärlerine gözegçiligi, ilkinji nobatda, iň ýokary derejeli ýolbaşçylardan başlap, has ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe etmek meýilleşdirilýär. Döwlet we partiýa işgärleri öz gulluk ýolunyň ähli tapgyrlarynda berk talaplary berjaý etmeli bolar.

Mundan başga-da, häkimiýetler pensiýa çykandan soň hem öňki ýokary wezipeli işgärlere gözegçiligi güýçlendirmegi we jogapkärçilikden gaçmak maksady bilen wezipesinden öz islegi boýunça gitmek ýagdaýlarynyň öňüni almagy maksat edinýärler.

Kararda partiýa agzalarynyň syýasy-terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, Hytaý Kommunistik partiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň taryhyny, özgertmeleri we açyklyk syýasatyny, şeýle hem sosializmiň ösüşini öwrenmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär.

Degişli karar HKP MK-nyň 20-nji çagyrylyşynyň bäşinji plenumyndan soň çap edildi.