Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki binalaryň gurluşygy bilen tanyşdy

Şu gün, 01:386,426

29-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, täze şäheriň 30 müň orunlyk metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýe baryp, binanyň daşky keşbini, bezeg aýratynlyklaryny we ýanaşyk ýerlerini synlady hem-de olara degişli derejede ähmiýet bermek babatda öz öwüt-ündewlerini berdi.

Şeýle hem binanyň içinde ýaşlaryň pikiri esasynda döredilen sanly tanyşdyryş ulgamy gözden geçirildi. Bu ýerde 3D monitorly, animasiýa görnüşli wideoşekiller görkezildi. Monitorda emeli aň tehnologiýasy ornaşdyrylyp, onuň üsti bilen bedewler, türkmen halylary barada türkmen, iňlis we rus dillerinde maglumat almak mümkinçiligi döredilipdir.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ýaşlaryň pikirlerini köpräk diňlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle-de, innowasion sanly ulgamy muzeýiň ähli ýerlerinde üpjün etmegi tabşyrdy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar bagynyň we daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalaryny we çyzgylaryny gözden geçirdi. Bu edaralarda ýere düşeljek we diwarlara goýuljak mermer bezeg daşlarynyň görnüşlerine aýratyn üns berildi.

D.Orazowyň beren maglumatlary bilen tanşyp, Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalara birnäçe düzedişleri girizdi we degişli maslahatlaryny berdi. Hususan-da, täze çagalar bagynyň we mekdebiň milli aýratynlyklara laýyk gelýän degişli bezegler bilen üpjün edilmeginiň möhümdigini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.