NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman agentligiň astronawtlary Aýa ýeke özüniň eltip bilmejekdigini we bu babatda hususy kompaniýalaryň kömegine mätäçdigini boýun aldy.
Onuň aýtmagyna görä, NASA-nyň hyzmatdaşlary eýýämden geljekki missiýanyň esasy düzüm bölekleriniň üstünde işleýärler.
«NASA hem, elbetde, dek oturanok. Agentligiň toparlary gije-gündiz işleýär. Emma bize skafandrlary öndürýän hyzmatdaşlar gerek, bu — Axiom Space. Bize gonuş modulyny gurýan hyzmatdaşlar gerek, bu — Ilon Maskyň SpaceX we Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýalary» diýip, Aýzekman Fox News teleýaýlymynda gürrüň berdi.
1-nji aprelde Floridadaky kosmodromdan NASA-nyň Artemis II Aý missiýasynyň ekipažy «Orion» kosmos gämisi bilen uçuryldy. 11-nji aprelde astronawtlar Kaliforniýanyň kenarýakasyndaky Ýuwaş okeanyna gondular. Uçuş wagtynda olar Ýerden, takmynan, 406,7 müň kilometr daşlaşyp, adamyň kosmosda iň uzak aralyga gitmek çägi boýunça täze rekord goýdular.
NASA-nyň indiki möhüm maksady — Artemis IV missiýasy bolar, onuň çäginde 2028-nji ýylda astronawtlaryň Aýa gonmagy meýilleşdirilýär. Bu 1972-nji ýyldan bäri adamyň Ýeriň hemrasynyň üstüne ilkinji gonuşy bolmaly.