Hazar deňziniň Gazagystan böleginde täze ada peýda boldy

Düýn, 15:399,618
1 / 3

Hazar deňziniň Gazagystandaky kenarynda «Rybaçiý» adyny alan täze ada peýda boldy. Bu barada «Lada.kz» habar berýär.

Ol Swýatoý adasyndan, takmynan, 500 metr gündogarda we Maňgyşlak oblastynyň Bautino obasyndan, takmynan, 30 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu barada neşire Caspian Holiday kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ýerbolat Muhaşow gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, soňky dört-bäş ýylyň dowamynda Hazaryň derejesiniň peselmegi sebäpli deňziň demirgazyk bölegindäki beýleki adalaryň — Kulaly, Morskoý, Swýatoý, Podgornyý, Uşaral, Maýakşykkan we Dolgiý adalarynyň golaýynda hem täze gury ýer bölekleri peýda bolup başlady.

Adamlara Rybaçiý adasyna baryp görmek we ony beýiklikden surata düşürmek başartdy.

Muhaşow ýerli adalarda, esasan, möjekleriň ýaşaýandygyny belleýär. Şeýle hem bu ýerde ýekegapanlar we torsuklar mekan tutupdyr. Kenarýaka zolagynda we töwerekdäki suwlarda guşlaryň hem-de balyklaryň dürli görnüşleri ýaşaýar. Hazaryň bu bölegi Hazar düwleni üçin hem möhümdir.

Hazar deňziniň derejesi 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri, takmynan, üç metr aşak düşdi. Alymlar soňky ýyllarda bu prosesiň tizleşendigi, käbir ýerlerde bolsa kenar çyzygy uly aralyga yza çekilendigini aýdýarlar. Muny derýa akymlarynyň, ilki bilen, Wolga derýasynyň suwunyň azalmagyndan, klimatyň üýtgemegi netijesinde bugarmanyň güýçlenmeginden, adamyň hojalyk işinden we beýleki birnäçe faktorlardan görýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.