Gazagystanyň Prezidenti gark bolan harby gullukçylaryň hatyrasyna matam gününi yglan etdi

Düýn, 15:2913,451

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Mangistau welaýatynda harby gullukçylaryň heläk bolmagy bilen baglylykda 25-nji sentýabry ählihalk matam güni diýip yglan etdi. Degişli karar Prezidentiň resmi saýtynda çap edildi.

Penşenbe güni Hazar deňziniň kenarynda geçirilen harby-deňiz türgenleşigi wagtynda howanyň duýdansyz ýaramazlaşmagy netijesinde harby gullukçylaryň 17-sini açyk deňze alyp gitdi.

Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň habarynda gözleg-halas ediş çäreleriniň 25-nji sentýabr güni irden tamamlanandygy aýdylýar. Harby gullukçylaryň üçüsini halas etmek başartdy, olaryň biri hassahana ýerleşdirildi. Aradan çykanlaryň arasynda uly leýtenant, seržant we 12 sany matros bar.

Kasym-Žomart Tokaýew bolan wakany ählitaraplaýyn derňemegi we heläk bolan harby gullukçylaryň maşgalalaryna goldaw bermegi tabşyrdy.

Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow pajyganyň sebäplerini derňemek üçin ýörite topar döretdi. Heläkçiligiň netijesi boýunça jenaýat işi gozgaldy.

Pajyga sebäpli Aktau şäherinde «Hazar — dostluk deňzi» festiwalynyň esasy çäreleri, şeýle hem Şäher güni mynasybetli dabaralar ýatyryldy.