ABŞ-nyň Wiskonsin ştatyndan meýn-kun tohumyna degişli pişijek penjelerindäki barmaklarynyň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy. Erebus Anomali diýlip atlandyrylan bu pişijekde jemi 29 barmak bar. Bu netije Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy.
Pişik Kakona şäherinde ýaşaýar. Onuň eýeleri Kendra Wandenblumer we Hunter Nett bu täsin öý haýwanynyň mart aýynda dünýä inendigini gürrüň berdiler. Pişigiň üýtgeşik aýratynlygy meýn-kun tohumly pişiklerde duş gelýän genetiki mutasiýa — polidaktiliýa bilen bagly.
Erebusyň bir penjesinde sekiz barmak, galan üç penjesiniň her birinde bolsa ýedi barmak bar. Adatça, pişiklerde jemi 18 barmak bolýar: öňdäki penjelerinde bäş, yzkylarynda bolsa dört barmakdan.


Erebus Anomali 2002-nji ýylda kanadaly Jeýk atly pişigiň goýan öňki dünýä rekordyny täzeledi. Jeýkiň penjelerinde 28 barmak bolupdyr.
Rekordy resmi taýdan tassyklatmak üçin pişigiň eýeleri onuň penjeleriniň rentgen suratlaryny görkezmeli boldular. Bu suratlar pişijek pnewmoniýa (öýken sowuklamasyny) geçiren wagty düşürilipdir. Häzir ol bu keselden doly gutuldy.
