Taýwanyň Çen Kun Milli we Indoneziýanyň Andalas uniwersitetleriniň alymlary bakteriýalaryň bölüp çykarýan maddasyndan berk «nanokagyz» taýýarlamagyň täze usulyny işläp düzdüler. Üstesine-de, barlagçylar synag wagtynda adatça ulanylýan zyýanly himiki reaktiwleriň ýerine diňe gaýnag suwdan peýdalandylar.
Ylmy-barlagyň netijeleri Frontiers in Bioengineering and Biotechnology žurnalynda çap edildi.

Alymlar çig mal hökmünde Gluconacetobacter xylinum bakteriýalarynyň öndürýän maddasyny aldylar. Ony ilki guradyp, soňra owratdylar we gaýnag suwda bäş sagatlap gaýnatdylar.
Bu usul materialy gaýtadan işlemek üçin ulanylýan zyýanly okislenmeden we ýokary temperaturaly gysyş tapgyryndan ýüz öwürmäge mümkinçilik berdi.
Gaýtadan işlenenden soň alnan «nanokagyz» 89% berk boldy, maýyşgaklygy bolsa 148% artdy. Şeýle hem täze material ýyrtylmalara we ýokary temperatura has çydamly boldy.
Barlagyň awtorlary täze materialyň howpsuz gaplamalary, süzgüç membranalaryny we çeýe elektronika üçin materiallary öndürmekde ulanyp boljakdygyna bil baglaýarlar.
