Bolliwudyň meşhur aktýory Mithun Çakraborti körpe ogly Namaşy bilen bilelikde täze rus-hindi filminde düşmegi meýilleşdirýär. Aktýor bu barada Moskwada geçiriljek Halkara kino hepdeliginiň öň ýany TASS agentligi bilen bolan söhbetdeşliginde gürrüň berdi.
Gürrüň hindistanly blogerler baradaky romantik triller hakynda gidýär. Sýužete görä, olar Moskwa gelýärler we her dürli gyzgalaňly wakalaryň içine düşýärler.
«Oglum rus-hindi filminde surata düşmegi meýilleşdirýär, oňa menem goşulmakçy» diýip, Çakraborti gürrüňinde belledi.
Ol şeýle hem Russiýa bilen Hindistanyň bilelikdäki taslamalarynyň içinde başga-da özüni gyzyklandyrjagy tapylsa, gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Çakraborti häzirki wagtda hindi režissýory Sarfaraz Alam Safunyň «Sygyr» («Корова») atly başga bir rus-hindi filminiň üstünde hem işleýändigini habar berdi.
Häzirki zaman tomaşaçylaryny nähili taslamalaryň gyzyklandyryp biljekdigi barada soralanda, aktýor olaryň islegini öňünden bilmegiň barha kynlaşýandygyny ýaňzytdy:
«Dünýä örän tiz özgerýär. Käwagtlar biz köpçülige nämäniň ýarajakdygyna düşünibem bilmeýäris. Dogrusyny aýtsam, häzir nädeniňde şowlajakdygyny öňünden biler ýaly däl».
Mithun Çakraborti 200-den gowrak filmde surata düşdi we hindi kinolary boýunça köp sanly baýraklara mynasyp boldy. 1984-nji ýylda sowet ekranlaryna çykan «Disko tansçysy» (Disco Dancer, 1982) filmi iň köp görülen filmleriň birine öwrüldi. 1991-nji ýylda aktýor bilelikdäki sowet-hindi taslamasy bolan «Şikarçy» (Shikari, 1991) filminde baş keşbi janlandyrdy.