Täze düşürilen «Narniýanyň ýyl ýazgylary» filminiň ilkinji treýleri çykdy

Düýn, 16:101,111
1 / 2

Netflix täze «Narniýanyň ýyl ýazgylary: Jadygöýiň ýegeni» filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Klaýw Lýuisiň romanyny «Barbi» filmi bilen tanalýan režissýor Greta Gerwig ekrana geçirdi. Film 2027-nji ýylyň 12-nji fewralynda dünýä kinoprokatyna çykar, 2-nji aprelde bolsa striming hyzmatynda elýeterli bolar.

Film Narniýanyň jadyly dünýäsiniň gelip çykyşy barada gürrüň berýän «Jadygöýiň ýegeni» kitabyna esaslanýar. Sýužetiň merkezinde çagalar Digori Körk we Polli Plammer durýar. Olar Endrýu daýynyň jadyly tejribeleri bilen tanşyp, dürli dünýäleriň arasynda syýahat etmäge mümkinçilik gazanýar. Treýlerde Led Zeppelin toparynyň meşhur «Stairway to Heaven» aýdymy ýaňlanýar.

Endrýu daýynyň keşbini Deniel Kreýg ýerine ýetirdi. Şeýle-de, aktýorlaryň hataryna ýolbars Aslana ses beren Meril Strip we Ak jadygöýiň roluny ýerine ýetiren Emma Maki girdi. Filmde «Andor» serialy boýunça tanalýan Deniz Gof hem çykyş eder.

Film üçin aýdym-sazy ozal Gerwig bilen «Barbiniň» üstünde işlän Mark Ronson we Endrýu Waýatt ýazdy.

Netflix üçin bu reliz filmiň platformada peýda bolmazdan öň giň prokata çykýandygy bilen üýtgeşikdir. Häzirki wagtda kompaniýa kinoteatrlar üçin beýleki taslamalary hem taýýarlaýar. «Jadygöýiň ýegeni» tomaşaçylara «Narniýanyň ýyl ýazgylarynyň» öňki filmleri bilen tanyş bolan Lýuisiň älemini ekrana geçirmekde täze synanyşyk bolar.