«Hakyky detektiw» serialynyň 5-nji möwsümine Nikolas Keýj gatnaşar

Düýn, 17:001,150

Nikolas Keýj HBO teleýaýlymynyň meşhur «Hakyky detektiw» antologiýa serialynyň bäşinji möwsüminde çykyş eder. Bu barada aktýoryň özi New York Comic Con festiwalynda janköýerleri bilen duşuşygynda habar berdi diýip, Entertainment Weekly neşiri ýazýar.

Keýj bu taslama gatnaşmak kararyna gelmeginiň sebäbini ýakynlary bilen has köp wagt geçirmek arzuwy bilen düşündirdi. Ol maşgalasyny maddy taýdan üpjün edip, şol bir wagtyň özünde-de, kino düşürilişiniň tükeniksiz tertibinden dynmak isleýär.

«Belki, men ýene bir serialyň möwsüminde surata düşerin. Meniň pikirimçe, ol “Hakyky detektiw” serialynyň möwsümi bolar» diýip, aktýor ýaňzytdy. Soňra ol tomaşaçylaryň el çarpyşmalary astynda ýylgyryp: «Bu habary ilkinji bolup özümiň yglan edenim hiçdir-ä?» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Keýjiň seriala gatnaşjakdygy baradaky ilkinji myş-myşlar 2025-nji ýylyň tomsunda peýda bolupdy. Pudaga ýakyn çeşmeleriň maglumatlaryna görä, täze bölümleriň wakalary Nýu-Ýorkda, Jameýka aýlagynyň töwereginde bolup geçer.

Keýj şu ýylyň ýazynda heniz şertnama gol çekmändigini we gepleşikleriň dowam edýändigini aýtsa-da, serialyň döredijilik toparynyň ýolbaşçysy Issa Lopes bilen işleşmäge uly höwes bildiripdi. Gyzykly ýeri, aktýor «Hakyky detektiw» serialynyň meşhur ilkinji möwsümine hiç haçan tomaşa etmändigini-de boýun aldy.

Serialyň ilkinji möwsüminde Rast Koluň keşbini janlandyran Metýu Makkonahi hem Nikolas Keýjiň taslama gatnaşmagyny goldady. Ol täze ssenariý ilkinji möwsümdäki ýaly güýçli we özboluşly bolsa, özüniň hem seriala gaýdyp gelmäge garşy däldigini duýdurdy.