Joan Rouling «Harri Potter» barada iki sany täze kitap çykarar

Düýn, 22:22577
1 / 2

Ýazyjy Joan Rouling Harri Potter älemi boýunça iki sany täze kitaby çykarjakdygyny habar berdi. Olar «Bloomsbury» neşirýaty tarapyndan 2027-nji ýylyň 23-nji fewralynda neşir ediler.

Kitaplar professor Minerwa Makgonagalla hem-de ekizler Fred we Jorj Wizlä bagyşlanar. Olar okyjylary jadyly dünýäniň aýratyn gahrymanlary bilen tanyşdyrýan «Pocket Potters» kitapça tapgyryny dowam etdirer. Her jiltde gahrymanlar barada sitatalar, salgylanmalar we wajyp maglumatlar saklanýar.

Kitaplar çagalara niýetlenendir, ýöne olar «Harri Potteriň» uly ýaşly muşdaklary üçin hem gyzykly bolup biler. Ozal Rouling Harri, Ron, Germiona, Luna Lawgud we professor Dambldor barada ýygyndylary çykarypdy.

Dekabr aýynyň ahyrynda, katoliki Roždestwo baýramynda «Harri Potter» boýunça täze taslamanyň — HBO tarapyndan düşürilen adybir serialyň çykmagyna garaşylýar. Baş keşpleri Dominik Maklaflin (Harri Potter), Alaster Staut (Ron Wizli) we Arabella Stenton (Germiona Greýnjer) ýerine ýetirdi.