Marydaky mekdep Günden energiýa alar

Şu gün, 15:302,886
1 / 3

Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki başlangyjy bilen täze Gün elektrostansiýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Stansiýa «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäginde geçirilen energetika derňewiniň netijesi boldy.

Çärä Bilim ministrliginiň, Mary welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdy.

Kuwwatlylygy 12,5 kWt bolan döwrebap fotoelektrik ulgamy 48 kWt·sag sygymly litiý akkumulýatory we gibrid inwertor bilen üpjün edildi. Bu stansiýa mekdebi bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün edip, mekdebiň töwereginiň we sport meýdançasynyň yşyklandyrylyşyny hem-de adatdan daşary howa şertlerinde (–20°C-den +50°C-ä çenli) inwertor kondisionerleriniň işlemegini kepillendirýär.

Sanly gözegçilik ulgamy energiýanyň öndürilişini we sarp edilişini, şeýle-de batareýanyň ýagdaýyny hakyky wagt tertibinde yzarlamaga mümkinçilik berýär. Döwlet energetika institutyna ýakynlygy sebäpli, stansiýa talyplar we mekdep okuwçylary üçin amaly okuw binýady hökmünde-de hyzmat eder.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bu stansiýanyň çagalara amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, täze nesil inženerleriň hem-de alymlaryň gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Taslama Türkmenistanyň Pariž ylalaşygynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylaryny 20% azaltmak baradaky milli ekologiýa maksatlaryna goşant goşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.