10–15-nji awgust aralygynda Özbegistanyň Şährisabz şäherinde «Ýaşlar – geljegi gurujylar» atly V Halkara ekologiýa Gurultaýy geçirildi.
Iri çäre daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we ýaşlary ekologik taýdan terbiýelemek meselelerine bagyşlandy.
Gurultaýa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we beýleki döwletlerden 1000-e golaý hünärmenlar, alymlar, ýaşlar hem-de ekologlar gatnaşdy.
Çärä Türkmenistandan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa gatnaşdy. Ol gurultaýyň çäklerinde geçirilen «Iň gowy halkara ekologik taslama» bäsleşiginde öz taslamasy bilen çykyş edip, I orna mynasyp boldy.