Alymlar kosmos daşy Ýeriň atmosferasyndan geçýän mahaly onuň nähili üýtgeýändigini yzarlap, bu prosesiň yzygiderli ýedi tapgyrdan ybaratdygyny anykladylar. 75 meteoritiň gaçyşynyň barlagy daşyň diňe bir bugarma sebäpli däl, eýsem eremegi we soňlugy bilen böleklere bölünmegi sebäpli hem agramyny ýitirýändigini görkezdi.
Ylmy barlagyň netijeleri Meteoritics & Planetary Science žurnalynda çap edildi.
“Biz ozal gaty kosmos daşlary atmosfera girip, howa bilen çaknyşanda emele gelýän ägirt uly ýylylygyň we ýagtylygyň täsiri bilen bugarýar diýip pikir edýärdik. Emma indi daşyň ilki bilen eräp başlaýandygy, soňra bolsa böleklere bölünýändigi anyklandy. Hut şu prosesler onuň agramynyň näderejede azalýandygyny kesgitleýär” diýip, barlagyň esasy awtory, SETI institutynyň we NASA-nyň Ames ylmy-barlag merkeziniň meteorlary öwrenýän astronomy Piter Jenniskens aýdýar.
Bularyň hemmesi atmosferanyň ýokary gatlaklarynda, howa ýeterlik derejede dykyzlaşyp, kosmos jisiminiň öňünde urujy tolkun emele gelende başlanýar. Şonda daş we onuň töweregindäki gaz güýçli gyzýar. Ýerden syn edilende bolsa bu hadysa meteor bolup görünýär.

Soňra meteor has-da ýagtylanýar. Onuň ýagtylygynyň üýtgeýşini seljerip, alymlar öwrenilen jisimleriň käbiriniň örän çalt aýlanýandygyny anykladylar. Öwrenilen jisimleriň iň çakgany 0,5-5 sekuntda doly aýlaw etdi.
Indiki tapgyrda jisim ýagty ot topuna öwrülýär. Onuň üstki gatlagy eräp başlaýar, howa akymy bolsa erän maddany ýüzünden goparyp alyp gidýär. Takmynan, 60 kilometr beýiklikde jisimiň gyzmagy bilen eremeginiň arasynda deňagramlylyk döreýär. Diňe eremegiň özi hem jisimiň başlangyç agramynyň 40 göterimine çenlisiniň ýitmegine sebäp bolup biler.
Soňlugy bilen howanyň basyşynyň ýokarlanmagy daşyň dargamagyna getirýär. Jisim böleklere bölünip, olar biri-birinden aýrylyp başlaýar. Şol pursatda ot topunyň ýagtylygy hem ep-esli güýçlenip biler.

Adatça, Ýeriň ýüzüne şol bölekleriň iň irileri gelip ýetýär. Ýere düşmezden öň olar ýagtylygy bütinleý diýen ýaly öçýänçä haýallaýar, şol bir wagtyň özünde bolsa eremegini we döwülmegini dowam etdirýär. Netijede, meteoritiň daşynda inçejik, erän maddadan emele gelen gabyk galýar.
Barlagçylar bu gözegçilikleriň diňe meteoritiň atmosfera düşüşine däl, eýsem has iri asteroidleriň hereketine düşünmekde hem kömek edýändigini belleýärler.
Piter Jenniskensiň aýtmagyna görä, 2013-nji ýylda Russiýanyň Çelýabinsk şäheriniň üstünde howada partlama döremegine sebäp bolan, diametri takmynan 20 metr bolan asteroid hem şuňa meňzeş tapgyrlardan geçipdir.