Şawkat Mirziýoýew Trampa iki sany milli özbek eýwanyny sowgat berdi

Düýn, 13:108,141
1 / 5

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew amerikan kärdeşi Donald Trampa iki sany eýwan sowgat berdi. Bu barada The New York Times neşiri habar berýär.

​Agaç eýwanlar eýýäm Waşingtona elitildi we olary Trampyň «Amerikan gahrymanlarynyň milli seýil bagyny» döretmegi meýilleşdirýän West-Potomak seýilgähinde gurnap başladylar.

​ABŞ-nyň Içeri işler ministrliginiň wekili Keti Martin seýilgähe geljekleriň bu eýwanlary şu güýzde görüp biljekdiklerini habar berdi.

​Özbek eýwanlary özüniň çylşyrymly hem owadan agaç oýma sungaty bilen tapawutlanýar we ýurduň milli amaly-haşam sungatynyň esasy nusgalarynyň biri bolup durýar.

​Özbegistanyň ABŞ-daky ilçisi Furkat Sidikow hem X (Twitter) sahypasynda bu sowgat barada habar paýlaşdy. Ýazgyda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan amerikan liderine we halkyna sowgat berlen iki eýwan iki ýurduň arasyndaky dostlugyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň nyşany bolar.

The New York Times ​neşiriniň berýän maglumatyna görä, Trampa berlen daşary ýurt sowgatlarynyň arasynda Katardan iberilen kaşaň uçar hem-de Saud Arabystanyndan iberilen bir jübüt alajagaplaň hem bar

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.