21-nji oktýabrda, Özbek diliniň güni mynasybetli, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwyny kämilleşdirmek baradaky kanuna gol çekdi. Bu barada Prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa habar berdi. Ol bu özgertmäni «köp ýyl bäri dowam edip gelýän taryhy ýalňyşyň düzedilmegi» diýip atlandyrdy.
«Ahyry köp ýyl bäri dowam edip gelýän taryhy ýalňyşlyk düzedildi... Bu mesele köp ýyllaryň dowamynda soňsuz jedellere sebäp bolup gelipdi» diýip, Saida Mirziýoýewa özüniň Telegram sahypasynda ýazdy.
Onuň belleýşi ýaly, üýtgetmeler ýazuw ulgamyndaky kemçilikleri aradan aýyrmak we özbek diliniň sanly giňişlikdäki ornuny berkitmek üçin zerurdyr. Saida Mirziýoýewa bu özgertmäniň käbir adamlaryň garşylygyna we ätiýaç etmegine sebäp bolup biljekdigini boýun alsa-da, ýüze çykan meseleleri çözmegiň başga ýolunyň ýokdugyny belledi.
«Indi ähli resminamalary çalyşmak gerek bolarmy? Asla beýle däl. Biz çykdajylary mümkin boldugyça azaltmak ýoluny saýladyk. Häzirki wagtda ulanylýan ähli resminamalar, milli pul we gymmatly kagyzlar öz güýjüni saklar. Okuw kitaplary, ýazgylar we ýol görkezijiler bolsa ulanyş möhleti tamamlandygyça tapgyrlaýyn täzelener».
Özbek elipbiýiniň täze görnüşinde 28 harp we apostrof göz öňünde tutulýar. Öň iki harp bilen ýazylan Sh, Ch, Oʻ we Gʻ belgileriniň deregine aýratyn Ş, Ç, Ö we Ğ harplary girizilýär. Ng harplar birleşmesi bolsa indi elipbiýiň özbaşdak birligi hasaplanmaz. Ozal özbek elipbiýinde 26 harp we üç sany harp birleşmesi bardy.
Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Senaty bu üýtgetmeleri sentýabryň başynda makullady, Kanunçylyk palatasy bolsa degişli kanuny iýulyň başynda kabul etdi.