Özbegistanyň Senaty latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň gutarnykly görnüşini tassyklady. Indi täze elipbiýde ozalky 26 harpyň we üç harp birikmesiniň deregine 28 harp hem-de bir apostrof ulanylar.
Kanun Prezident tarapyndan gol çekilenden soň güýje girer.
Bu özgertme umumy türki standartyna geçmek hem-de «köp mesele döredýän» harplary asty hem üsti belgili ykjam simwollar bilen çalşyrmakdan üçin durmuşa geçirilýär:
- Sh → Ş
- Ch → Ç
- O‘ → Ö
- G‘ → Ğ
- ng harp birikmesi elipbiýden doly aýrylar, ýöne degişli ses gepleşik dilinde saklanyp galar.
Senatyň metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu özgertme özbek diliniň ýaýramagyna we onuň sanly gurşawda ulanylyşyny aňsatlaşdyrmaga ýardam etmeli.
Täze ýazuw ulgamyna geçiş döwrüni mümkin boldugyndan «ýumşatmak» meýilleşdirilýär. Eýýäm çykarylan resminamalar, milli pul birligi (sum), okuw kitaplary hiç hili düýpli emeli çäklendirmesiz hereket etmegini häzirlikçe dowam eder. Raýatlaryň resminamalaryny çalşyrmak çäresi olaryň möhleti tamamlanandan soň, adaty ýagdaýda amala aşyrylar.
Döwlet edaralary we beýleki guramalar hem ozalky ýazgylary, görkezijileri we nyşanlary aýratyn belleniljek möhlete çenli ulanyp biler.
Belläp geçsek, araplaryň ýazuwyny çalşyran latyn elipbiýi Özbegistanda resmi taýdan 1929-njy ýyldan başlap, tä 1940–1942-nji ýyllarda kirill elipbiýine geçilýänçä ulanylypdy. Häzirki wagtda ýurtda iki sany ýazuw ulgamy — kirill we latyn ýazuwy bilelikde ulanylýar. Latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýini girizmek baradaky kanuny parlamentiň özi baryp 1993-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda kabul edipdi. Türki dilli ýurtlara ýakyn bolan ýazuwa gutarnykly geçmek üçin 33 ýyl wagt gerek boldy.