«Aý biziňki»: Donald Tramp Aýa-da eýe çykdy

Şu gün, 10:105,486

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda Aýyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna degişlidigini ýazdy. Ol Ýeriň tebigy hemrasynyň suratyny paýlaşyp, oňa «Aý biziňki» (The Moon is ours) diýen ýazgyny we ýurdunyň baýdagyny ýerleşdirdi.

Geçen ýyl Tramp ABŞ-nyň 2028-nji ýyla çenli Aýa ýene bir gezek adam ibermegi meýilleşdirýändigini yglan edipdi. Onuň aýtmagyna görä, bu maksat «ABŞ-nyň kosmosdaky liderligini berkitmeli», Aý ykdysadyýetini ösdürmegiň binýadyny döretmeli we geljekde Marsa ekspedisiýa taýýarlyk görmäge mümkinçilik bermeli.

Trampyň ozal aýtmagyna görä, 2030-njy ýyla çenli ABŞ Aýda hemişelik baza döretmegi we ol ýerde ýadro reaktoryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, 1969-njy ýylyň 20-nji iýulynda Apollo 11 missiýasynyň çäginde amerikaly kosmonawt Nil Armstrong Aýyň ýüzüne gadam basan ilkinji ynsan bolupdy. Soňky gezek adamlar Aýa 1972-nji ýylyň dekabrynda Apollo 17 missiýasy wagtynda aýak basypdy. Şondan bäri Ýeriň tebigy hemrasyna hiç kim gonup görenok.

Şeýle-de bolsa, Aýa hakykat ýüzünde hiç bir ýurt eýe çykyp bilmeýär. Birleşen Milletler Guramasynda 1967-nji ýylda kabul edilen Kosmos giňişligi baradaky şertnama döwletleriň Aý ýa-da beýleki asman jisimlerine özygtyýarlylyk hukugyny öňe sürmegini gadagan edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.