Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkeziniň başlygy Oleg Kononenko hem-de «Roskosmosyň» kosmonawty Aleksandr Grebýonkin HKS-76 ätiýaçlyk ekipažynyň düzüminde kosmosa uçuşa taýýarlyk görýärler. Oleg Kononenko ätiýaçlyk ekipažynyň serkerdesi wezipesine bellenildi.
Taýýarlyk işleri açyk älem giňişligine çykmak boýunça türgenleşikleri, şol sanda Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň gidrolaboratoriýasynda geçirilýän okuwlary öz içine alýar. Ýakynda kosmonawtlar türgenleşikleriň nobatdaky tapgyryny tamamladylar. Onda şlýuz bölüminiň çykalga gapysyny açmak we ýapmak, Halkara kosmos stansiýasynyň daşky ýüzündäki tutawaçlardan peýdalanyp hereket etmek, enjamlary daşamak, kabelleri çekmek we elektrik birikdirijilerini dakmak ýaly adaty işleri ýerine ýetirmegi türgenleşdiler. Esasy wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça türgenleşikler taýýarlygyň indiki tapgyrynda geçiriler.

Soňky türgenleşigiň esasy maksady uzak aralykdan dolandyrylýan ERA manipulýatory bilen işlemegi öwrenmekden ybarat boldy. Bu robotlaşdyrylan ulgam kosmonawtlara HKS-iň Russiýa degişli böleginiň daşynda işleri ýerine ýetirmäge we enjamlary bir ýerden başga ýere geçirmäge kömek edýär.
«Biz manipulýatoryň gidromaketine çenli baryp, şol robotlaşdyrylan goluň ugrunda hereket etmeli, operator üçin niýetlenen göçme iş ýerine geçmeli we ERA bilen bagly ähli zerur hereketleri ýerine ýetirmeli bolduk» diýip, Kononenko gürrüň berdi.
Mundan başga-da, kosmonawtlar açyk kosmosda işlenýän wagty ýüze çykyp biljek, öňünden göz öňünde tutulan adatdan daşary ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigini hem türgenleşdiler.