Arheologlar Altaýda altyn bezegli, şol sanda üç sany saýgak kellesiniň şekili salnan pazyryk başgabynyň galyndylaryny tapdy.
Başgap, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki IV-III asyrlaryň başlaryna degişli diýlip hasaplanýan zenan mazaryndan tapyldy. Bu barlagyň netijeleri "Arheologiýa, antropologiýa we etnografiýa çapary" žurnalynda neşir edildi.
Mazar Altaý ülkesiniň Krasnoşýokowskiý etrabyndaky Hanharinskiý gonamçylygynyň 31-nji gorganynda tapyldy. Diametri on metr töweregi bolan daş depäniň aşagynda zenan ystyhanlary, däp-dessur iýmitleri we dürli artefaktlar salnan çuň gabyr çukury bardy.
Aýal arkanlygyna uzaboýuna süýnüp ýatan şekilde ýerlenipdir — bu pazyryk medeniýetinde giňden ýaýran gapdallygyna bükülip ýatan görnüşde jaýlamak dessuryndan düýpli tapawutlanýar.
Tapylan zatlaryň arasynda altyn folga bilen örtülen bürünç boýun halkasy we kiçi disk şekilli şelpeli altyn gulakhalkalar bar.
Tapyndylaryň arasyndan başgap arheologlaryň ünsüni has-da özüne çekipdir. Onuň esasy bölegi çüýräpdir. Onuň galyndylaryndan çen tutsaň, ol 20 santimetrden gowrak beýiklikdäki keçeden ýasalan topby bolan bolsa gerek.
Barlagçylar kelle süňküniň töwereginden kindiwanja bezegli ýamalary we saýgak kellesiniň şekilindäki üç sany applikasiýany tapdy. Olaryň hemmesi altyndan ýasalypdyr we biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Barlagyň awtory, Altaý döwlet uniwersitetiniň barnaully arheology Pýotr Daşkowskiý mazary, takmynan, b. e. öňki IV asyra–III asyryň başlaryna degişli hasaplaýar. Gymmatbaha bezeg şaýlary hem-de boýun halkasy aýalyň ýokary gatlaga degişlidigini görkezip biler. Şeýle-de bolsa, pazyryk elitasynyň agzalarynyň käbir beýleki ýerleniş dessurlaryndan tapawutlylykda, onuň mazarynda gurbanlyk atyň galyndylary tapylmady.
Pazyryk medeniýeti Altaý sebitinde, takmynan, b. e. öňki VI–III asyrlara çenli dowam edip, gowy saklanyp galan hem-de organiki serişdeleri bilen mumiýalanan jesetli doňdurylan guburlary bilen tanalýar. Hut şeýle tapyndylar alymlara pazyryklylaryň meşhur tagmalaryny öwrenmäge ýardam etdi.