Gyrgyzystanyň ilkinji milli emeli hemrasy orbita çykaryldy. Ony uçurmak dabarasyna respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparow ABŞ-a amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gatnaşdy diýip, Nomad TV habar berýär.
Uçuş Kaliforniýadaky Wandenberg harby-howa bazasyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 göteriji raketasy arkaly amala aşyryldy. Emeli hemra bir göteriji raketa bilen uçurylan kosmos enjamlarynyň toparynyň düzüminde orbita çykdy.

Hemranyň agramy 5 kg.
Taslama goýlan maýa goýumlar, takmynan, 10–12 million som ($130 müň töweregi) boldy. Missiýa BAE bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.
Hemra Bişkekde ýerleşýän Dolandyryş merkezinden dolandyrylar. Onuň üsti bilen alynjak maglumatlar oba hojalyk ýerlerine, buzluklara, suw desgalaryna, tokaýlara we öri meýdanlaryna gözegçilik etmäge, şeýle hem tebigy ekoulgamlardaky üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berer.
Şeýle-de hemra maglumatlary ýerasty baýlyklaryň bikanun ulanylmagyny, rugsatsyz zir-zibil ýerlerini we beýleki hapalanma çeşmelerini ýüze çykarmak üçin hem ulanylar. Mundan başga-da, maglumatlar logistika ugurlaryny gowulandyrmakda peýdalanylyp bilner.