Aýa ýa Marsa uçjagyň barmy? NASA astronawt kabul edip başlady

Düýn, 17:372,025

NASA täze kosmonawtlary seçip almak üçin resmi taýdan arzalary kabul edip başlady. Saýlanyp alnan dalaşgärler geljekde Aýa amala aşyryljak uçuşlara gatnaşyp, Aýdaky bazada ýaşamak we işlemek, şeýle hem ilkinji ekipažly Mars uçuşyna taýýarlyk görmek üçin zerur tehnologiýalary hem-de iş usullaryny işläp düzmek bilen meşgullanarlar. Bu barada edaranyň resmi habarynda aýdylýar.

«NASA-nyň kosmonawtlar toparyna goşulmak üçin häzir örän amatly döwür. Seçilip alnan adamlar Aýyň ýüzünde ýöremäge, Aýdaky bazada ýaşamaga we işlemäge, şeýle hem ekipažlary Marsa eltjek ulgamlary we iş usullaryny döretmäge gatnaşmaga mümkinçilik alarlar» diýip, NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman belledi.

Kosmonawtyň ýyllyk zähmet hakynyň möçberi, takmynan, 164 395 dollara deň. Emma dalaşgärlere bildirilýän talaplar örän berk. Olar, ilkinji nobatda, ABŞ-nyň raýatlary bolmaly we ylym, tehnologiýa, inženerçilik ýa-da matematika ugurlarynyň biri boýunça magistr derejesine eýe bolmaly. Käbir ýagdaýlarda lukmançylyk ugrundaky degişli hünär ýa doktorlyk derejesi, ýa-da synag uçaryny dolandyrmak boýunça taýýarlyk hem bildirilýän talaplara laýyk gelip biler.

Mundan başga-da, dalaşgärleriň degişli hünär ugrundan azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmaly. Olar NASA-nyň lukmançylyk barlagyndan geçmeli, şeýle hem aragatnaşyk saklamak, ýolbaşçylyk etmek we toparlaýyn işlemek başarnyklaryny görkezmeli.

Saýlanyp alnan geljekki kosmonawtlara tas iki ýyla golaý güýçli taýýarlyk okuwlary garaşýar. Bu okuwlar açyk kosmosda işlemek, robot tehnikalaryny dolandyrmak we kosmos gämilerine erk etmek boýunça türgenleşikleri öz içine alýar.

Arzalar 2026-njy ýylyň 3-nji dekabryna çenli kabul ediler. Kosmonawtlaryň täze toparynyň düzümi 2027-nji ýylyň ahyrynda yglan ediler. Deňeşdirip aýtsak, 2024-nji ýylda geçirilen öňki seçip alyşda 8 müňden gowrak dalaşgäriň arasyndan diňe 10 adam saýlanyp alnypdy.