SpaceX kompaniýasy Starship superagyr raketasynyň ilkinji synag orbital uçuşynyň 22-nji sentýabra meýilleşdirilendigini yglan etdi. 75 minutlyk uçuş penjiresi gündogar wagty bilen sagat 8:15-de (Aşgabat wagty bilen 17:15-de) açylar. Uçuş Günorta Tehasdaky SpaceX Starbase kosmodromyndan amala aşyrylar.
Bu uçuş 2023-nji ýylyň aprelinde ilkinji gezek uçan Starship üçin 14-nji bolar. 124 metrlik raketanyň öňki 13 uçuşy suborbital bolupdy. 14-nji uçuşyň dowamynda raketa ilkinji gezek orbita ýetmeli.
«Orbita çykmak Starship-iň doly we çalt köp gezeklik ulanylyşyny üpjün etmäge gönükdirilen geljekki işläp taýýarlamalaryň täze tapgyryna başlamaga mümkinçilik berer. Bu, şeýle hem bütin dünýäde aragatnaşygyň tizligini we ygtybarlylygyny ep-esli ýokarlandyrjak Starlink V3 wersiýaly hemralary peýdaly ýük hökmünde orbita çykarmagy meýilleşdirýän ilkinji uçuşymyz bolar» diýlip, Flight 14 missiýasynyň beýanynda aýdylýar.
Uçuş wagtynda orbita 26 sany Starlink V3 hemrasyny çykarmak meýilleşdirilýär. Olaryň üçüsi kameralar bilen üpjün edildi we bölünip aýrylandan soň Starship-iň ýokarky basgançagynyň ýylylykdan goraýyş ekranyny surata düşürmeli. SpaceX bu suratlary ony seljermek we mümkin boldugyça kämilleşdirmek üçin ulanar.
Eger uçuş meýilleşdirilişi ýaly geçse, gämi Ýeriň daşyndan, takmynan, 275 km belentlikde alty aýlawy amala aşyrar. Uçuşdan, takmynan, 10 sagat geçenden soň, onuň Çiliniň günbatarynda Ýuwaş ummana gonmagy meýilleşdirilýär.
Birinji basgançak Super Heavy uçuşdan, takmynan, ýedi minut geçenden soň, Meksika aýlagyna gonmaly. 14-nji uçuşyň dowamynda gämini we tizleşdirijini ýörite diň arkaly tutmak göz öňünde tutulmaýar.
Missiýanyň esasy maksady — Starship-iň orbita çykmagy. Gämini diň arkaly tutup almak we orbitada goşmaça ýangyç guýmak işleri geljekki uçuşlarda synalar.