Ýuriý Gagariniň diplomatik pasporty Ispaniýada auksiona goýuldy

Düýn, 21:452,798

Ilkinji kosmonawt Ýuriý Gagariniň diplomatik pasporty Ispaniýanyň Marbelýa şäherinde auksiona goýuldy. International Autograph Auctions auksion öýi Gagariniň daşary ýurtlara syýahatynda ulanan resminamasyna azyndan 25 000 ýewro baha kesdi.

Pasport kosmonawta 1963-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda bir ýyl möhlet bilen berlipdir, ýöne soňra birnäçe gezek uzaldylypdyr. Sowet döwrüniň çykyş wizalaryna we serhet möhürçelerine görä, resminama azyndan 1967-nji ýyla çenli güýjünde galypdyr.

Şeýle-de oňa goýlan bellikler Gagariniň 1963-1967-nji ýyllarda “Parahatçylyk missiýasy” syýahaty wagtynda pasporty ulanandygyna şaýatlyk edýär. Olaryň arasyndan Fransiýanyň, Kubanyň, Meksikanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Norwegiýanyň, Şwesiýanyň, Bolgariýanyň we Çiliniň möhürçelerini tapawutlandyrmak bolýar. Muzeý gymmatlygy hasapnaýan we deslapky materialda bellenilişi ýaly, öňki sowet edaralarynyň arhiwlerinde saklanmaly bu resminamanyň hususy kolleksiýaçynyň eline nädip düşendigi barada maglumat ýok.

Auksion 24-nji sentýabrda Marbelýada geçiriler.