Moskwada ullakan «gözli» işewürlik merkezi gurlar

Düýn, 07:013,762

Tiz wagtdan Moskwada täze binagärlik nyşany peýda bolar. Russiýanyň paýtagtynyň şäher gurluşygy edarasy iri işewürlik toplumynyň taslamasyny tassyklady.

Toplumyň çäginde iki sany uly bina gurlar. Olaryň birinjisi ýönekeý gönüburçly diň görnüşinde, ikinjisi bolsa merkezinde kesigi bolan, aýna bilen örtülen trapesiýa görnüşinde ýerine ýetiriler. Bu özboluşly gurluş äpet ýaý görnüşli portaly ýada salýar we ägirt uly göze meňzeýär.

Täze toplumda döwrebap iş otaglary bilen bir hatarda dükanlar, sport merkezleri, kafeler we restoranlar hem açylar. Toplumyň çäkleri abadanlaşdyrylyp, bu ýerde ýaşyl seýilgäh zolagy, gazonlar we gül ekilen dynç alyş ýerleri, şeýle hem tomusky eýwanlar üçin meýdançalar dörediler.

Toplumyň umumy meýdany 280 müň inedördül metre barabar bolan öňki ýük demir ýol menziliniň ýerinde gurulmagy meýilleşdirilýär.

Taslamany «РЖД-Недвижимости» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «Новая эра» taýýarlady. Binagärlik çözgüdini işläp düzmek bolsa IND býurosyna ynanyldy.

Moskwanyň Şäher gurluşygy toplumynyň resmi saýtynda IND binagärlik býurosynyň esaslandyryjysy Amir Idiatulin taslama barada şeýleräk gürrüň berýär:

«Häzirki wagtda bu ýer demir ýol infrastrukturasy bilen eýelenip, şäher ýaşaýjylary üçin ýapyk diýen ýaly. Täze taslama bolsa bu meýdançany ilkinji gezek adamlaryň ygtyýaryna açar. Ýakynda Kiýew demir ýol menzili, metro we derýanyň kenary ýerleşýär. Şonuň üçin bu ýerde diňe bir özüne çekiji bina däl, eýsem, dürli nokatlardan, şol sanda hereket wagtynda hem aýdyň görünýän, ýatda galyjy keşbi bolan täze nyşan gerekdi. Şeýle nyşan hökmünde ýaý görnüşli gurluş saýlanyp alyndy. Ol toplumy şäher tarapa açyp, Moskwanyň gözýetimini binagärligiň bir bölegine öwürýär».