Londonda Petra Heights ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy tamamlandy. Groupwork arhitektura studiýasy we Webb Yates inženerçilik kompaniýasy bu binany dünýäde ilkinji gezek tutuşlygyna armatursyz daşdan ýasalan, esasy massany göterýän ekzoskelet arkaly berkidilen köp gatly desga diýip häsiýetlendirýär.
Finçli roudda ýerleşýän bu toplum beýikligi 6-dan 10 gata çenli bolan üç binadan ybarat.

Sisilýa bazaltyndan we norweg larwikitinden ýasalan daş karkas binanyň massasyny hem, ýeliň täsiri netijesinde döreýän ýükleri hem göterýär. Şonuň bilen birlikde, gurluşykda beton berklik özeni, beton sütünler ýa-da polat armatur ulanylmady. Hatda daşky suwaga hem zerurlyk bolmady. Çünki daş hem esasy gurluşyk materialy, hem-de fasad hökmünde hyzmat edýär.
«Binanyň massasy daşyň üstüne düşýär, ýeliň döredýän ähli güýjüni hem daş göterýär. Eger daş bolmadyk bolsa, bu diňe bir üýşmek harabalyk bolardy» diýip, Webb Yates kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Webb aýdýar.
Toplumda 22 öý we birinji gatda dükan ýerleşýär. Ekzoskelet üçin jemi 1000 tonnadan gowrak daş, şeýle hem 572 sany sütün we pürs ulanyldy. Bölekleri birleşdirmek üçin gurluşykçylar polat ştiftlerden we berkidijilerden, şeýle hem epoksid ergininden peýdalandy.

Taslamanyň awtorlarynyň maglumatyna görä, Petra Heights binasynyň materiallary we gurluşygy demir-beton karkasly bina bilen deňeşdirilende, takmynan, 32% a uglerod zyňyndysynyň döremegine sebäp bolupdyr.
Ilkibaşda arhitektorlar gatlaryň arasyndaky örtükleri hem daşdan we agaçdan ýasamagy meýilleşdiripdir. Şeýle çözgüt uglerod zyňyndylaryny 75 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berip biljekdi.
«Bu, islendik arhitektoryň we inženeriň hökmany suratda etmeli işi. Ilki agaçdan başlaň. Haýsy böleklerde agaç ulanyp bolmaýan bolsa, ulanmaly. Ondan soňky ulanylmaly material daş bolmaly, sebäbi onuň düzümindäki “içerki uglerod” örän az» diýip, Groupwork-yň esaslandyryjysy Amin Taha düşündirýär.
Taslamanyň awtorlary şeýle gurluşyk usulyny has beýik binalarda hem ulanmagyň mümkindigine ynanýar. Olaryň hasaplamalaryna görä, daşdan ýasalan ekzoskelet, hatda 30 gatly binanyň esasy daýanjy hökmünde hem ulanylyp bilner.
