Zaha Hadidiň öňki iş merkezinde sungat meýdançasy açylar

Düýn, 18:502,520
1 / 2

Zaha Hadidiň binagärlik studiýasynyň öňki baş edarasynda täze sungat meýdançasy açylar. Zaha Hadid gaznasynyň bellemegine görä, Londonyň Klerkenwell etrabynda ýerleşýän bu ýer binagärlik we sungat üçin işjeň döredijilik merkezine öwrüler.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin Studio KA binagärlik topary çagyryldy. Olar taryhy binanyň birinji gatyny dikeldip, adamlaryň erkin hereket etmegi üçin giňişligi täzeçe guradylar we şol bir wagtyň özünde, binanyň öňki bezeg aýratynlyklaryny hem saklap galdylar.

Zaha Hadidiň studiýasy bu binada 30 ýyllap işledi.

«Zahanyň mirasy hut şu ýerde ýaşamagyny dowam etdirer. Bu, onuň mirasyna esaslanýan maksatnamalarymyzyň we sergilerimiziň üsti bilen hem-de geljege gönükdirilen ruhunyň dowamy hökmünde amala aşar» diýip, gaznanyň direktory Arik Çen belledi.

Täze sungat meýdançasy noýabr aýynda açylar. Açylyş mynasybetli Binagärlik assosiasiýasy we Serpentine galereýasy bilen bilelikde iki günlük ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu çäre Zaha Hadidiň aradan çykmagynyň onunjy ýylyna bagyşlanar.