Şazada Harri ejesi Diana barada film düşürmäge taýýarlanýar

23.09.2026, 10:012,517
1 / 2

Sasseks gersogy şazada Harri öz ejesi, şa gyzy Diana hakynda dokumental film döretmek barada maslahatlaşyp başlady. Ol bu taslamany 2027-nji ýylyň 31-nji awgustynda geçiriljek şa gyzynyň aradan çykmagynyň 30 ýyllygyna gabatlap çykarmagy göz öňünde tutýar diýip, «The Telegraph» habar berýär.

Harri Diananyň birnäçe dostlaryna we garyndaşlaryna, şol sanda onuň dogany Çarlz Spensere taslama gatnaşmagy teklip etdi. «The Telegraph» gazetiniň bellemegine görä, gersogyň özi hem filme gatnaşyjylaryň biri hökmünde çykyş etmegi meýilleşdirýär.

Spenser taslama gatnaşmakdan boýun gaçyrdy we onuň deregine «Guw aýdymy: Diana, meniň uýam» atly öz memuarlaryny taýýarlady. Ol uýasy baradaky köp sanly taslamalaryň birinde adaty bir söhbetdeşe öwrülmek islemedi we onuň obrazynyň hem-de wakalaryň ýoýlup görkezilmeginden howatyrlandy.

Häzirki wagtda filmiň formaty we ony ýola goýmak barada gutarnykly çözgüt ýok. Maglumatlara görä, taslama Garri bilen Megan Markla degişli bolan Archewell Productions kompaniýasy tarapyndan döredilip bilner, oňa bolan hukuklary bolsa Netflix-iň almagy mümkin. Striming hyzmatynyň kompaniýanyň kontentini birinji saýlap almak hukugy bar.

Şa gyzy Diana — şazada Çarlzyň, häzirki patyşa Karl III-niň öňki aýaly, şazadalar Wilýamyň we Harriniň ejesi. Geljekki şa gyzy Eltorp wikonty Jon Spenseriň we Frensis Rut Roşuň maşgalasynda dünýä indi.

Şa gyzy Diana 1997-nji ýylyň 31-nji awgustynda 36 ýaşynda awtoulag heläkçiliginde aradan çykdy.