Angliýada şazada Wilýam bilen Keýt Middltonyň şekilinde adam boýy tort taýýarlanyldy

Şu gün, 12:073,586
1 / 6

Angliýanyň Birmingem şäherinde geçirilen «Cake & Bake International» atly konditer önümleriniň halkara sergisinde Welsiň şazadasy Wilýamyň we onuň aýaly Keýt Middltonyň şekilinde adam boýy tort görkezildi.

Welsiň şazadasynyň we onuň aýalynyň şekillerini konditer Emma Jeýn taýýarlapdyr we ol bu işe üç aý sarp edipdir.

Torty taýýarlamak üçin 60 kilogram şeker pastasy we 20 kilogram şekillendiriji şokolad ulanyldy. Şekilleriň göwre bölekleri zefirden we tüwüli nabatdan ýasalyp, üsti şeker pastasy bilen örtüldi.

Sergide başga-da täsin konditer işleri görkezildi. Olaryň arasynda telealypbaryjy Elison Hemmondyň iýmäge ýaramly şekili hem-de garakçylaryň şa aýalynyň toý saçagyny şekillendirýän kompozisiýa bar.