Kianu Riwz prikwelde ýene Jon Wigiň keşbini janlandyrar, ýöne bu gezek filmde däl

Şu gün, 10:43805

Kianu Riwz «Lionsgate» kinokompaniýasynyň Jon Wik baradaky täze taslamasynda baş gahrymanyň keşbine gaýdyp gelmek üçin şertnama baglaşdy. Emma bu gezek ol adaty çeper filmde däl-de, animasiýa filminde çykyş eder.

Aktýor baş gahrymany seslendirmek bilen birlikde, häzirki wagtda önümçilige taýýarlyk tapgyrynda bolan taslamanyň prodýuseri hökmünde hem çykyş eder.

Animasiýa filmi wakalaryň ilkinji «Jon Wik» filminden öňki döwrüni öz içine alar. Sýužete görä, Jon Wik «Paşmajak tabşyrygy» ýerine ýetirmeli bolar. Ol Ýokary geňeşiň öňündäki borçlaryndan azat bolup, söýgülisi Helen bilen bile bolmak mümkinçiligini gazanmak üçin bir gijäniň dowamynda ähli garşydaşlaryny ýok etmeli.

Taslamanyň režissýory «Kubo: Samuraýyň rowaýaty» we «Ultramen: Gerşe tarap ýol» filmleriniň üstünde işlän Şennon Tindl bolar. Ssenarisini bolsa «Bakylar» filmi bilen tanalýan Raýan we Kaz Firpo ýazdy. Animasiýa prikweli barada ilkinji gezek 2025-nji ýylda geçirilen CinemaCon çäresinde habar berlipdi.

«Jon Wik» kino franşizasy dünýä boýunça prokatda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Ol Ana de Armasyň baş keşbi ýerine ýetiren «Balerina» spinof filmini hem goşmak bilen, bäş filmden ybarat.

Mundan başga-da, «Lionsgate» Jon Wik baradaky bäşinji doly göwrümli filmi we Donni Ýeniň ýerine ýetirýän kör hakyna tutma ganhor Keýn baradaky aýratyn filmi taýýarlamagyny dowam etdirýär. Soňky taslama häzirki wagtda postprodakşn (hemme sahnalary düşürilen) tapgyrynda.