Londondaky Bukingem köşgüni abatlamak işleriniň dowamynda köşk adamlarynyň ýatdan çykarylan ýa-da birwagtlar zyňlan goşlary tapyldy. Olar patyşalyk köşgüniň gündelik durmuşynyň täze taraplaryny açyp görkezýär diýip, «The Guardian» gazeti habar berdi.
Britan monarhlarynyň rezidensiýasynda abatlaýyş işleri 2017-nji ýylda başlandy we tas on ýyllap dowam etdi. Bu döwürde ähli döwlet çäreleri Windzor galasyna geçirildi. Abatlaýyş işleriniň bahasy 370 million funt sterlinge deň boldy.
Tapylan zatlaryň arasynda tas 140 ýyl mundan öňki gazet makalasynyň bölegi, 1957-nji ýylyň Littlewoods Pools totalizatorynyň futbol oýunlaryna goýum etmek üçin doldurylmadyk blanklar, geýlen gara çüýli köwüş we 1889-njy ýylyň «Standard» gazetinden West-Endiň teatr afişalarynyň bölekleri bar.
Gurluşyk daşynyň bir böleginde 1949-njy ýylyň 14-nji apreli bilen senelenýän wist oýnunyň 6 penslik petegi tapyldy. Onda: «Patyşalyk köşgüniň sosial kluby – Bukingem köşgi: wist oýny geçiriler» diýen ýazgy bar.

Şeýle hem patyşalyk köşgüniň işgärleri üçin diplomatik korpusyň 1977-nji ýyldaky kümüş ýubileýine degişli gözükdiriji tapyldy. Onda şa aýalynyň we patyşa maşgalasynyň beýleki agzalarynyň tans zalynda «sagat diliniň ugry boýunça» hereket etmelidigi, kömekçileriň bolsa 350 sany britan myhmanyny diplomatlar bilen söhbetdeş bolmaga höweslendirmelidigi aýdylýar. Kabul edişlik «ak galstukda we tiarada» hem-de berk tertip boýunça geçirilipdir.

Mundan başga-da, tapylan zatlaryň arasynda gadymy galaýy kürüşge, «Schweppes Malvern» iňlis çeşme suwunyň çüýşesi we alty sany roždestwo otkrytkaly solgun gutujyk bar.
Bukingem köşgi şa aýaly Wiktoriýa tagta çykandan soň, 1837-nji ýylda britan monarhlarynyň resmi London rezidensiýasyna öwrüldi.