Buker baýragynyň guramaçylary 2026-njy ýylyň gysga sanawyny yglan etdiler. Baýrak ugrunda alty ýazyjy bäsleşer, olaryň arasynda öňki iki sany ýeňiji — Marlon Jeýms bilen Duglas Stýuart hem bar.
Sanawdaky ýeke-täk başlangyç ýazyjy Rebekka Perri boldy.
Ýeňijiniň ady 9-njy oktýabrda Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler.
Gysga sanawa giren eserler:
- Maýkl Jon Harrison — «Barynyň soňy» (The End of Everything);
- Marlon Jeyms — «Ýitenler» (The Disappearers);
- Lýuk Kennard —«Gara torba» (Black Bag);
- Rebekka Perri — «Biz patyşany naharlap bilermikäk»( May We Feed the King);
- Duglas Stýuart — «Jonlaryň Jony» (John of John);
- Elizabet Straut — «Hiç haçan aýtmaýan zatlarymyz» (The Things We Never Say).
Jeýms 2015-nji ýylda «Ýedi ganhorlygyň gysgaça taryhy» (A Brief History of Seven Killings) romany üçin Buker baýragyna eýe bolupdy, Stýuart bolsa 2020-nji ýylda «Şaggi Beyn» (Shuggie Bain) romany bilen ýeňiji bolupdy. Stýuart mundan ozal baýraga iki gezek hödürlenipdi: ol 2016-njy ýylda uzyn sanawa, 2022-nji ýylda bolsa gysga sanawa giripdi.
Bu ýyl emin agzalaryna britan taryhçysy we alyp baryjy Meri Bird ýolbaşçylyk edýär. Onuň düzümine şeýle hem şahyr Reýmond Antrobus, «Pulp» rok toparyň lideri Jarwis Koker, tankytçy Rebekka Lýu we ýazyjy Patrisia Lokwud girdi.
Antrobusyň aýtmagyna görä, ilkibaşda emin agzalarynyň hersiniň öz gysga sanawy bolupdyr, şonuň üçin hem saýlaw dartgynly jedeller bilen geçipdir. Netijede, eminler «kadalaşan kada-kanunlara garşy çykýan» hem-de «emeli aňyň döredip bilmejek çuňňur adamkärçilikli eserlere» ses berdiler.
Iýul aýynda baýragyň uzyn sanawyna 163 sany ýüz tutmadan saýlanyp alnan 13 eser giripdi. Ýeňiji 50 müň funt sterling, galan finalçylar bolsa 2,5 müň funt sterling möçberinde pul baýragyny alar.
2025-nji ýylda Buker baýragyny asly węnger britan ýazyjysy Dewid Salaý «Ten» (Flesh) romany üçin alypdy.