Daýhanlar 11 000 kädiden Dewid Attenboronyň portretini döretdiler

Düýn, 17:373,856
1 / 5

Beýik Britaniýanyň Hempşir şäherindäki Sunnyfields fermasynda tebigatşynas we telewideniýäniň alyp baryjysy Dewid Attenboronyň ägirt uly portreti döredildi. 218 inedördül metrden gowrak meýdany tutýan mozaika 11 000 kädiden we beýleki gök önümlerden ýygnaldy. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Kompozisiýa Dewid Attenboronyň 100 ýaşyna bagyşlandy. Ony döretmäge 18 adam gatnaşdy. Fermanyň suratkeşi Endrýu Begiň eskizine görä dürli reňkdäki we ululykdaky gök önümleri tertipläp goýmak üçin olara, takmynan, bäş sagat gerek boldy.

Mozaikanyň gahrymany sosial media arkaly geçirilen pikirsoraşma esasynda saýlandy. Guramaçylar ulanyjylardan kimiň portretini görmek isleýändiklerini soranlarynda, olaryň köpüsi Attenboro ses berdi.

Sunnyfields Farm öň hem şuňa meňzeş rekord goýan mozaikalary döredipdi. 2025-nji ýylda bu ýerde, takmynan, 212 inedördül metr meýdany tutýan sazanda Ozzi Osbornyň portreti, 2023-nji ýylda bolsa "Roždestwonyň öň ýanynda gelen bela" filmindäki Jek Skellingtonyň şekili peýda bolupdy.

Bu ýyl kompozisiýanyň döredilmegi howa şertleri sebäpli kynlaşdy. Gurak tomusdan we yzly-yzyna gelen yssy günlerden soň, kädiler adatdakysyndan ownuk boldy, emma daýhanlar täze rekordy goýmak üçin ýeterlik hasyl ýygnamagy başardy.