Peruwyň Kalýaо port şäherinde Rim Papasy Lew XIV-niň 14 metr beýiklikdäki heýkeli açyldy. Ýerli häkimiýetleriň tassyklamagyna görä, bu pontifige bagyşlanan dünýäniň iň beýik ýadygärligidir. Heýkel Ýuwaş ummanyň kenarynda, Papanyň şähere gelmegine iki gün galanda oturdyldy diýip, Reuters habar berýär.
Heýkeliň öz beýikligi 10 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 4 metre deňdir. Ýadygärlik polatdan, aýna süýüminden we şepbikden ýasalyp, onuň daşky ýüzi mermer görnüşini berýän material bilen örtülendir. Ony peruwly heýkeltaraşlar Rafael Gutýerres we Deýwi Wong taýýarlady. Heýkeli ýasamak üçin 45 gün sarp edildi.

Peruwda Lew XIV-ä bagyşlanan başga-da birnäçe ýadygärlik bar. Olaryň arasynda Çiklaýo şäherindäki alty metrlik heýkel, Limadaky adam boýundaky silikon heýkel we Pimenteldäki býust bar. Şeýle-de onuň hormatyna ABŞ-da we Ispaniýada hem ýadygärlikler dikildi.

16-njy noýabrda Rim Papasynyň ýerli garrylar öýüne barýan ýolunda täze heýkeliň öňünden geçmegine garaşylýar.
Lew XIV-niň Peruwdaky sapary 11–16-njy noýabr aralygynda dowam eder. Bu onuň Latyn Amerikasyna ilkinji saparynyň jemleýji tapgyry bolar. Bu saparyň çäginde ol, şeýle-de Argentina bilen Urugwaýa hem bardy.
Aslynda, Robert Frensis Prewost adyny göterýän pontifigiň peru raýatlygy hem bar. Ol bu ýurtda, takmynan, 20 ýyl ýaşapdyr. Ilki missioner bolup işlän Lew XIV soňra sekiz ýyllap Çiklaýo şäheriniň ýepiskopy bolupdyr. 2020–2021-nji ýyllarda, COVID-19 pandemiýasy döwründe bolsa Kalýao ýeparhiýasynyň apostol dolandyryjysy wezipesini ýerine ýetiripdir.