«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy geçirildi. Dürli ýurtlardan gelen forumyň gatnaşyjylaryna Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko gutlag sözi bilen ýüzlendi diýip, THP habar berdi.
Ol şeýle abraýly halkara meýdançanyň hut Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn manysynyň bardygyny belläp, muny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen baglanyşdyrdy.
Matwiýenkonyň bellemegine görä, Türkmenistanda zenanlara goýulýan ýokary hormat mukaddeslik derejesine çykarylan. Ýurt ýolbaşçylarynyň aýratyn üns bermegi netijesinde zenanlaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi we döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşmagy üçin şertler döredildi. Ol forumyň ýokary derejede geçirilmegine goşant goşan Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
«Men hut zenanlaryň çylşyrymly ählumumy gün tertibine dialoga ymtylyşy we möhüm meseleleri ylalaşyk gözlemek arkaly çözmek başarnygyny getirip biljekdigine ynanýaryn» diýip, Federasiýa Geňeşiniň başlygy aýtdy.
Onuň bellemegine görä, «düýpli özgerişler we täze köp polýarly dünýä tertibine geçilýän döwürde» halkara syýasaty we ykdysadyýeti «ynsanlaşdyrmaga» bolan zerurlyk artýar. Bu işlerde zenanlara möhüm orun degişlidir.
Matwiýenko BMG-niň we onuň Durnukly ösüş maksatlarynyň ähmiýetini hem belläp, bu maksatlaryň durmuşa geçirilmeginde zenanlar meselesine ileri tutulýan orun berilýändigini aýtdy.
Russiýanyň tejribesi barada aýdyp, ol Ýekaterina Daşkowany Ylymlar akademiýasyna ýolbaşçylyk eden ilkinji zenan, Aleksandra Kollontaýy dünýäde ilkinji zenan ministr, Lidiýa Zwerewany ilkinji zenan uçarmanlaryň biri, Walentina Tereşkowany bolsa kosmosa uçan ilkinji aýal hökmünde mysal getirdi.
Häzirki wagtda Russiýada 2030-njy ýyla çenli zenanlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan Milli hereketler strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigini bellän Matwiýenko zenanlaryň ähli derejedäki döwlet häkimiýet edaralarynda giňden wekilçilik edýändigini aýtdy. Ol zenanlaryň ministrliklere, parlamente, Merkezi banka we Merkezi saýlaw toparyna ýolbaşçylyk edýändigine üns çekdi. Onuň aýtmagyna görä, zähmet bazarynda tas doly deňlik üpjün edilip, bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda zenanlaryň orny hem güýçlüdir.
«Biziň paýlaşmaga mynasyp tejribämiz köp. Dünýäde durnukly ösüşiň hem-de howpsuzlygyň bähbidine üstünlikli tejribelerimizi paýlaşmaga açykdyrys» diýip, Walentina Matwiýenko sözüni jemledi.