20-nji noýabrda Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
Çärä medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de nusgawy ýewropa sazynyň köp sanly muşdaklary gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtdaky wekilhanasy hem-de Bileleşige agza döwletleriň ilçihanalary tarapyndan bilelikde guralýan bu döredijilik forumynyň halklaryň medeni däp-dessurlary we häzirki zaman sungatynyň ösüş ugurlary bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
Şeýle hem parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, medeniýet hem-de bilim ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmekde şu gezekki çäräniň möhüm ähmiýeti nygtalyp, döredilen mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi.
Soňra Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti ýaýbaňlandyryldy. Onda meşhur nusgawy sazlar hem-de jaz eserleri ýerine ýetirildi.

Italiýaly jaz aýdymçysy Simona de Rozanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropanyň döredijilik wekiliýetiniň saparynyň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda we «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähinde jaz sungaty boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Myhmanlar Aşgabadyň muzeýlerinde bolup, türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen hem tanyşdy.
Birnäçe günläp dowam etjek Medeniýet günleriniň çäginde pianinoda ýewropaly sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň konsertiniň, tematiki sergileriň, şeýle hem Roždestwo we Täze ýyla bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.