Merkezi Aziýa ýurtlary zaýalanan ýerleri dikeltmäge we çölleşmä garşy göreşmäge çalyşýar

Düýn, 21:502,371
1 / 2

Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçirilýän BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 17-nji sessiýasynda (COP17) Merkezi Aziýa ýurtlary halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, täze maliýe mehanizmlerini çekmek hem-de ýaramazlaşan ýerleri dikeltmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary öňe sürdi.

Sessiýa 197 döwletden wekiliýetleri, döwlet Baştutanlaryny, alymlary we bilermenleri bir ýere jemledi. Esasy maksat klimatyň üýtgemegi bilen barha ýitileşýän umumy meseläni çözmek – ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek üçin dürli çemeleşmeleri hödürlemek boldy.

Sessiýanyň dowamynda Täjigistan meseleleri çözmekde täze maliýe gurallaryny işjeň peýdalanmaga çagyrdy. Ýurt ýaşyl obligasiýalary, karzy tebigaty goramak çärelerine çalyşmak mehanizmlerini, kepillikleri, ätiýaçlandyryş mehanizmlerini we ekoulgam hyzmatlary üçin tölegleri ulanmagy teklip edýär.

Şeýle hem süýji suwuň möhüm çeşmesi hökmünde buzluklary saklamaga, suw serişdelerini durnukly peýdalanmaga hem-de dag ekoulgamlaryny goramaga aýratyn üns çekildi.

Gepleşikleriň dowamynda ýerleriň ýaramazlaşmagy, çölleşme we gurakçylyk meselelerini çözmek üçin ýyllyk maliýe ýetmezçiliginiň, takmynan, 278 mlrd dollara deňdigi we goşmaça maliýe serişdelerini gözlemegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistan süýşýän çägeleri durnuklaşdyrmak we çölleşmäniň öňüni almak boýunça amaly çäreler barada çykyş etdi.

Gazagystan «Merkezi Aziýanyň ýaşyl galkany» başlangyjyny hödürledi. Ol gorag tokaý zolaklaryny döretmegi, tozanly-çägeli tupanlary öňünden duýdurmak we olaryň netijelerini gowşatmak boýunça sebitiň ýurtlarynyň hereketlerini utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Gyrgyzystan dag ýerleri we derýa basseýnleri üçin ýörite maliýe mehanizmini döretmegi teklip etdi, ýerleriň ýaramazlaşmagy baradaky maglumatlary barlamagyň sebit merkezini döretmegiň tarapdary bolup çykyş etdi. Ol hemralaryň we ýerdäki synlamalaryň kömegi bilen topraklaryň şorlaşmagyna, çägeleriň hereketine we öri meýdanlaryň ýagdaýyna gözegçilik eder.

Özbegistan bolsa Çölleşmä garşy göreş merkezleriniň Aziýa toruny döretmek, gurak sebitler üçin Samarkant klimat dialogyny ýola goýmak, «Ýaşyl Aral» maksatnamasy ýaly başlangyçlary öňe sürdi.

COP17 klimatyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan meselelere garşy göreşmekde umumy çözgütleri işläp taýýarlamak üçin meýdança öwrüldi. Sessiýa 28-nji awgustda öz işini tamamlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.